Türkmeniň "Mukaddes Kitaby" Entegem Tekjelerde

Türkmeniň "Mukaddes Kitaby" Entegem Tekjelerde

Ruhnama - Türkmenistanyň öňki prezidenti tarapyndan ýazylan kitap (Foto: IWPR)
Ruhnama - Türkmenistanyň öňki prezidenti tarapyndan ýazylan kitap (Foto: IWPR)

Öňki Türkmen prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň dünýäden ötenine alty ýyl töweregi geçenem bolsa, onuň millet üçin ýolgörkeziji hökmünde ýazan kitaby entegem ýitmekden ýüz öwürýär.

Ruhnamanyň resmi doglan güni bolan 12-nji sentýabr hökümediň edip biläýjek ýokary derejesinde dabara bilen belleniler. Bu bolsa kitabyň, iň bolmanda häzirlikçe, post-Nyýazow hökümediň ideologiýasynyň wajyp bölegi bolup durýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Türkmen folklorynyň, taryhyň we toslamanyň dürli tarapdan bir ýere ýygnanan jemi bolan Ruhnama Nyýazow diri wagty keramatly diýen ýaly statusa ýetdi. Hemmelere muny okamak zerur boldy we kitap mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda giňden öwredildi.

Täze işgärleri döwlet işine alyş prosesinde olaryň Ruhnama bilimi barlanyldy we kitapdan uzyn bölekler telewideniýede okaldy we metbugatda çap edildi. Hökümet hatda kitabyň 40-dan gowrak dile terjime edilmegini hem gazandy.

Haçan-da Nyýazow 2006-njy ýylyň ahyrynda aradan çykanynda onuň ýerini reformalary söz bereni üçin saýlanan Gurbanguly Berdimuhammedow eýeledi. Bir wagt ähli ýerde bar bolan Nyýazow suratlaryny täze prezidentiň suratlary calyşyp başlady, hem-de köne lideriň mirasy kem-kemden ýok bolup barýan wagty, Ruhnamada tümlüge siňip gider diýip çaklamaga esaslar bardy.

Geçen ýyl okuw jaýlary Nyýazowyň kitabyny öwrenmäge bagş edilýän sagatlary kesdiler we onuň ýerini adaty okuw ugurlary bilen çalyşdylar. Emma bu kitap entegem käbir ýerlerde okadylýar we onuň doly aýrylandygy anyk däl.

Haçan-da Berdimuhammedow 4-nji sentýabrda Ruhnama Güni 2012-niň ähli adaty goşundylary bilen belleniljegini tassyklanynda, ol watansöýüjilik ruhyny berkitmek we häzirki "bagtyýarlyk döwri" üçin ýerlikli bolan "könelmeýän milli gymmatlyklar" barada Nyýazowyňka meňzeş jümleleri ulandy.

Türkmenistanda adamlaryň tötänleýin pikir soralyşygy Ruhnamanyň belli bir derejede çetleşdirilendigini görkezýär, emma bu entegem käbir ýerlerde hökmany okalmaly zat bolup galýar.

Aşgabatdaky Transport Institutynyň birinji ýyl talyby özüniň entek Ruhnama klasyny geçmändigini aýtdy. Şol bir wagtda medisina studenti onuň okuw programmasynyň bir bölegidigini belledi, emma mugallym "sosial ylymlara has köp üns berýär we şolary has peýdaly hasaplaýar".

Aşgabat mekdepleriniň ikisiniň okuwçylary we mugallymlary Ruhnama sapaklarynyň we ekzamenleriniň hökmany zat bolup galýandygyny aýtdylar.

"Bu ýokardan berlen görkezme" diýip mekdepleriň birindäki mugallym aýtdy. "Mugallymlar bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan [okuw] planlary boýunça işleýärler we olaryň içine Ruhnama goşulmasa onda olar tassyklananok."

Emma, şäheriň başga bir mekdebindäki mugallymyň aýtmagyna göra, Ruhnama okuw programmasynyň bölegi hökmünde galmagy ony bir-bada täze kitaplar bilen çalyşyp bolmaýandygy üçin.

"Ruhnama aýratyn sapak hökmünde mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda okadylýar, emma muňa indi uly üns berlenok we bu beýleki sapaklardan ýokary tutulanok" diýip ol belledi.

Paýtagtdaky iki kitap dükanynyň işgärleri olarda Ruhnama kitaplarynyň satuw üçin bardygyny tasykladylar, ýöne olar Nyýazow döwründen bäri satylman galan ekzemplýärlar.

"Ýöne adamlar entegem ony satyn alýarlar" diýip bir kitap satyjy aýtdy.

Käbir adamlar, hökümediň munuň ýerini tutup biljek ideologiýany işläp düzmäge akly çatanda Ruhnamanyň taryhda ýok bolup giden zat ýaly boljagyna ynanýarlar, käbir adamlar bolsa bu kitap ahlak taýdan entegem köp zat teklip edip biler diýip hasaplaýarlar.

"Bu kitap biziň halkymyz üçin gaty wajyp" diýip dünýä dilleri institutynyň üçünji ýyl talyby aýtdy, hem-de Türkmenistanda hemmeleriň bu kitap bilen ulalandygyny belledi.

2005-nji ýylda Ruhnamany kosmosa çykaran Russiýanyň raketasyna salgylanyp, bu talyp şeýle diýdi: “Ol hatda aýyň üstünde-de bar.”

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

Eger-de sizde bu makala barada bellikler ýa-da soraglar bar bolsa, biziň Merkezi Aziýadaky redaksiýon toparymyz bilen feedback.ca@iwpr.net adresi arkaly habarlaşmagy haýyş edýäris.

 

Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists