Özbegistanda we Türkmenistanda ykdysady azatlyklar ýok

Özbegistanda we Türkmenistanda ykdysady azatlyklar ýok

ABŞ-daky barlag guramasy bolan Heritij Foundaýşn-yň (Heritage Foundation) 2011-nji ýyl üçin ykdysady azatlyk indeksinde Türkmenistan we Özbegistan gaty pes orunlary eýelediler.

Dünýä ýurtlarynyň 179-nyň arasynda biznesi ýola goýmagyň aňsatlygy boýunça Özbegistan 163-nji orunda we Türkmenistan 169-njy orunda ýerleşýär. Bu barlag eýeçilik hukuklary, korrupsiýa, inwestisiýa we biznesi gurnamagyň şertleri, salgytlar we zähmet bazary ýaly kategoriýalaryň 10-synyň esasynda ykdysady sreda seredýär.

Bu iki Merkezi Aziýa ýurdundaky kommentatorlar iki ýurtda-da ýagdaýyň tiz gowulanmagynyň mümkinçiliginiň azdygyny aýdýarlar.

Türkmenistanda bir ekspertiň aýtmagyna görä ykdysady azatlyk ýagdaýyna ýetmek üçin sosial garaýyşlary, syýasy sistemany we kanunçylyk esaslaryny düýpli üýtgeşmeler arkaly özgertmek zerur bolar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda biznesi amala aşyrýan islendik adam korrupsiýanyň ýa-da güýç bilen emläk alynmagynyň öňünde ejiz bolup galýar.

“Eger-de kiçi bir telekeçi gürrüňi edilmän bellenen $5000-den köp aýlyk girdeji alyp başlasa, onda ol howpsyzlyk gullaklarynyň üns merkezine düşýär we onuň biznesini ýapýarlar” diýip ekspert aýtdy. “Para bermän telekeçilik üçin lisenziýa almak mümkin däl. Ýuridiki tarapy hasaba aldyrmak proseduralary gaty çylşyrymly, dürli edarlara gatnap we soňunda biznesi başlamaga rugsady alyp bilmän galmak mümkin.”

Berk wiza düzgünleri we ýokary gümrük ýygymlary hem Türkmenistanda daşary ýurtlar bilen söwdany kynlaşdyrýar.

Daşkentdäki analitik Ronaş Dustow Özbegistan üçinem şuňa meňzeş problemalary anyklady.

Daşary ýurt söwdasy garyndaşlyga ýa-da güýçli arka esaslanan ýapyk biznes setleriniň arasynda paýlaşylan” diýip ol aýtdy. ‘Olardan rugsatsyz daşdan gelen adamlar biznese goşulyp bilmeýärler.”

Ýokary salgyt möçberleri we päsgelçilik döredýän düzgünler hem Özbegistandaky biznesmenler üçin durmuşy kynlaşdyrýar.

“Hiç kim päsgel bermezden, telekeçilere öz biznesleriniň eýeleri bolmak zerur” diýip Dustow aýtdy. “Biznes döwlet işgärleriniň näzine bagly bolmaly däl. Diňe şu ýagdaýda biz ykdysady azatlyklar barada gürrüň edip bileris.”

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.
 

Economy
Frontline Updates
Support local journalists