Türkmenistan: Berdimuhamedow gaza öz bahalaryny kesgitläp bilermi?

Türkmenistan: Berdimuhamedow gaza öz bahalaryny kesgitläp bilermi?

Thursday, 25 June, 2009
NBCA bilermenleri türkmen häkimiýetiniň sarp edijiler bilen garaşsyz gatnaşyklary gurnamagy isleg bildirýarler we energiýa göterijilere bahanyň emele gelşiniň alternatiw pikirini öňe sürýarler diýip belleýarler.



Çehiýanyň paýtagty Pragada 8 maýda geçiriljek “Gündogar hyzmatdaşlygy” samitinda Türkmenistanyň resmi iş topary gatnaşar.



“Gündogar hyzmatdaşlygy” samiti Ewropa bileleşigi tarapyndan EB gündogar goňşylaryň- ozalky sowet döwletleriň Ermenistan, Azerbeýjan, Belorusiýa, Gruziýa, Moldowa we Ukrainanyň ykdysadyýetine “syýasy aragatnaşygy ýokarlandyrmak we çuňňur integrasiýasyny berjaý etmek”maksady bilen hem-de enrgiýahowpsyzlygyk babatynda bilelikdäki hereketleri amala aşyrmak üçin geçirilýar.





Çekişmeler Ewropanyň Hazar sebitindäki energiýa syýasatyna, amala aşyryljak “Nabuko” we “Günorta akym” gaz taslamalaryna bagyş ediler.



Türkmenistanyň hökümetine ýakyn çeşmeler, türkmen iş toparynyň samitde president Gurbanguly Berdimuhamedowyň energiýa göterijilerine özbaşdak bahanyň emele getirmegi bilen bagly pikirini öwrenerler diýip aýdýarlar.



Aprel aýynyň ahyrynda Aşgabatda geçirilen «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty»” konferensiýasynda türkmen baştutany öndüriji-ýurtlara “özüne düşýan gymmatyna görä” esaslanyp gaza özbaşdak bahasyny kesgitlemek hukugyny bermegi teklip etdi.



Berdimuhamedow tebigy gazyň eksport bahasynyň öz içine alýan çykdaýjylary gözegine tutmagy aýtdy, mysal üçin klimat şertlerini, ýataklaryň çüňligini uglewodorod laryň alynýan şertlerini.



Tebigy gazyň eltmegi bilen bagly şertnamalaryň aglabasynyň bahalarynyň formulasy täjirçilik syry bolup dur, emma häzirki wagt gök ýangyjyň bahasynyň neftiň bahasyna esaslanyp hasaplanýandygy mälim we ol takmynam onuň ondan bir bölegine eýedir.



Nebit we gaza baý bolan Türkmenistanda her ýyl 80 milliard kubmetr tebigy gazy alynýar we ondan 20 milliard ýurdyň içinde ulanylýar galany bolsa Rusiýa we eýrana satylýar.



Türkmen gaznasynyň esasy girdeýjili maddalarynyň biri eksportdan ybaratdyr.



Emma rus Gazpromynyň trubalary bilen sowet döwründen bäri türkmen uglewodorodlary eksport edilmeginiň çäklendirmesi resmi Aşgabady satýan uglewodorodlaryna özbaşdak baha syýasatyny amala aşyrmaga ýol berenok.



Her ýagdaý bolsada biz Moskwanyň şertlerini gözegine tutmaly bolup oňa ýeňillikli bahalary bermeli bolýarys diýip adyny aýtmazlyk şerti bilen türkmen ýolbaşçylaryň biri aýtdy.



Şondan bäri Berdimuhamedowyň gaharyny getirýar we ol öz özbaşdyklygyny aktiw görkezjek bolýar.



Bular ýaly meýiller 9 aprelde energo göterijilere bahanyň gaçmagy esasynda rus Gazpromy türkmen gazynyň alynmagyny azaldandan söňra güýçlendi ubu bolsa häkimiýetiň pikiri boýunça magistral gaz trubanyň awariýasyna getirdi bu waka boýunça türkmen DIM Kremli ýayplady.



Geçen ýylyň güýzinde Berdimuhamedow 2009-njy ýyldan başlap gazy dünýa bahalaryndan satjak diýip Kremli nerwly etdi



Russiýa üçin gazyň eksport bahasynyň bellidälligine garamazdan onuň önkiden hem ýokary galandygy belli boldy.



“Türkmengaz” Döwlet kompaniýasyndaky çeşmeleriň maglumatlaryna laýyklykda şu ýyl rus Gazpromy türkmen uglewodorodlaryny ortaça bir mün kubametr üçin ABŞ-nyň 320 dollaryndan satyn alýar we soňra ony ewropaly sarp edijilere has gymmat satýar.



Rus Gazpromeksportyň resmi maglumatlaryna görä 2009-njy ýylda Ewropa iberilýan gök ýangyjyň bahasy 250-300 dollar kesgitlendi, ýone bir mün kubametr gök ýangyjyň orta dünýa bahasy transport çykdaýjylary hasaplanda has ýokary we 400 dollardan geçýar.



Emma ýazda rus ýolbaşçylar türkmen häkimiýeti bilen bahany arzanlatmak barada bir näçe gepleşikleri geçirdiler.



Energetika babatynda türkmen bilermenleriň biri “Türkmenistan energiýa syýasatyny özbaşdak geçirmeginiň münkinçiligini alasy gelýar ” diýip belleýar.



NBCA teswirleýjileri bu hakykatlar Berdimuhamedowy aladalandyrýarlar,ýone olar dünýa bäsleşigiň berkemegi şertlerinde dogry diýip belleýarler.



Bakynyň Gafgaz azerbeýjan uniwersitetiniň halkara gatnaşyklaryň kafedrasynyň müdüri rowşan Ibragimow “Bahany (gaza) arada duramlar kesgitleýarler –Bu bolsa uglewodorodlaryň ýeleriniň suweren hukuklaryny kemsidýar”, - diýip tassyklaýar.



NBCA seljermeçileri Berdimuhamedowyň öndüriji-ýurt tarapyndan bahanyň özbaşdak emele getirmegi barada alternatiw teklibi amala aşyrylmaga hukugy bar we goldanyp biler, sebäbi häzirki wagtda tebigy gazyň öz bazary ýok hem-de onuň bahasy şertnama baglaşan taraplaryň ylalaşygy bilen kesgitlenýär diýip belleýarler.



Energetika boýunça türkmen bilermenleriň biri “Türkmenistan energetika babatynda garaşsyz syýasaty amala aşyrmak üçin münkinçiligi alasy gelýar”, - diýip belleýär.



Emma Bolgariýadaky türkmen ykdysady seljermeçisi Annadurdy Hajyýew Berdimuhamedowyň pikirini ukypsyz diýip atlandyrýar, sebäbi“özbaşdak” energetika syýasaty dünýa bazarynda bahalary gaçyrar hem-de Türkmenistandan daşary hem başga satyjylar bar diýip ynanýar.



“Berdimuhamedow gaz bilen bazardaky ýaly edip söwda etmek karara geldi” diýip Hajyýew guman edýar, ýöne Türkmenistandan hiç kim gazy onuň bahasyny öndüriji ýurt tarapyndan kesgitlenip we ol dünýa bahadan ýokary bolsa satyn almaz.



Ýok diýip onň Ibragimow garşy çykýar, ol Aşgabadyň rus mätäçliginden dinmak üçin hereket diýip hasap edýar.



“Berdimuhamedow öz milli baýlyklarynyň ýerlemeginiň strategiýasyny özbaşdak emele getirjek bolýar we ünsüni öndüriji-ýurtlaryň özbaşdak öz resurslaryny satmaga isleg bildiren bahasyny kesgitläp bilmeýandiklerinde jemleýar ” – diýip bilermen tamamlaýar.



(NBCA merkezi Aziýa boýunça uly möçberde ähli sebit boýunça synçylary ulanyp köp dilli täzelik seljermesini we teswirlemeleri döretmek boýunça IWCA-nyň taslamasy (proekti), Taslama2006-nji awgust aýyndan başlap 2007-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli sebitiň bäş döwletinde hem amala aşyryldy. Täzeden maýeleşdirilmeginiň açylmagy bilen Türkmenistanda we Özbekistanda bolup geçýän wakalary beýan etmegi gulluk dowam etdirýär.)

Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists